Русские видео

Сейчас в тренде

Иностранные видео


Скачать с ютуб Türkmen türmesinde diri ýiten tussaglaryň ýene ikisiniň jesetleri garyndaşlaryna berildi в хорошем качестве

Türkmen türmesinde diri ýiten tussaglaryň ýene ikisiniň jesetleri garyndaşlaryna berildi 7 лет назад


Если кнопки скачивания не загрузились НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу страницы.
Спасибо за использование сервиса savevideohd.ru



Türkmen türmesinde diri ýiten tussaglaryň ýene ikisiniň jesetleri garyndaşlaryna berildi

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen ozalky ýokary derejeli resmileriň ýene iki sanysynyň – Saparmämmet Weliýewiň hem-de Poran Berdiýewiň türkmen türmesinde ýogalandygy, olaryň jesetleriniň garyndaşlaryna jaýlamak üçin berlendigi belli boldy. Saparmämmet Weliýewe “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy bolup işlän döwründe, nebit önümçiligini ýokarlandygy üçin diýlip, prezident Nyýazow tarapyndan “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen at berlipdi. Emma ol 2005-nji ýylyň awgustynda, nebit-gaz ulgamynda korrupsiýa ýol berendigi sebäpli, şol wagtky baş prokuror Gurbanbibi Atajanowanyň edarasynyň sülçüleriniň geçiren derňewleri esasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Ýerli çeşme Saparmämmet Weliýewiň ykbalynyň 16-17 ýyllap garyndaşlaryna hem belli bolmandygyny, ony olara görkezmändiklerini, dogan-garyndaşlarynyň tussagyň saklanylýan ýerini diňe çak edendigini, “o ýerdemiş, bu ýerde saklanýarmyş” diýip, birnäçe çaklamanyň bolandygyny gürrüň berdi. Garyndaşlarynyň aýtmaklaryna görä, Saparmämmet Weliýewi bir ýarym ýa mundan öň Nebitdagda, Gara ahun gonamçylygynda jaýlapdyrlar. S.Nyýazowyň hökümetinde birnäçe uly wezipede, içeri işler ministriniň orunbasary, içeri işler ministri, milli howpsuzlyk ministri, Balkan welaýatynyň häkimi ýaly jogapkär işlerde işlän Poran Berdiýwiň jesedi garyndaşlaryna bir hepde ozal berildi. Poran Berdiýewiň türmede ýa-da içerki sürgünde ýogalandygy, jaýlanandygy barada mundan öň hem birnäçe gezek gürrüň ýaýrady, emma ol gürrüňler ne tassyklandy, ne-de ret edildi. Soňky gelen maglumata görä, Poran Berdiýwiň jesedi bir hepde ozal garyndaşlaryna berlipdir we ol Gyzylarbadyň “Parawbibi” gonamçylygynda jaýlanypdyr (Onuň asly Gyzylarbadyň Paraw obasyndan diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi). "Olary diri görkeziň" kampaniýasynyň maglumatyna görä, türkmen türmelerinde ýiten hasaplanylýan tussaglaryň anyk bilinýänleri 112 töweregi adam bolup, soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri türmede ölen bendileriň jesetlerini garyndaşlaryna berip başlady. Azatlyk bu iki merhum hakynda häzir goşmaça maglumatlary, jikme-jiklikleri öwrenýär we habaryň üstüniň ýetirilmegine garaşylýar.

Comments