Русские видео

Сейчас в тренде

Иностранные видео


Скачать с ютуб Ak bugdaý etraby Türkmenistanda 2023-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi в хорошем качестве

Ak bugdaý etraby Türkmenistanda 2023-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi 8 месяцев назад


Если кнопки скачивания не загрузились НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу страницы.
Спасибо за использование сервиса savevideohd.ru



Ak bugdaý etraby Türkmenistanda 2023-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

2023-nji ýylyň jemleri boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby ýurduň iň gowy etraby diýlip yglan edildi hem-de 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldy. 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany mejlisde hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa söz berdi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewanyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, bu topar tarapyndan tassyklanan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen 2023-nji ýylda ýurduň iň gowy etraby kesgitlenildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow maglumaty diňläp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny 2023-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2024-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi. Ýatladyp geçsek, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda ýurduň iň gowy etraby diýen derejä Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby mynasyp bolupdy. #turkmenistan #news #dabara

Comments